Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işe girizildi
Туркменистан новостной портал
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işläp başlady. Bu web-saýtyň işe girizilmegi Gaznanyň işini ösdürmekde nobatdaky ädim boldy we ol amala aşyrylýan ynsanperwer başlangyçlar baradaky maglumatlaryň açyklygyny hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Döredilen pursadyndan başlap, Gazna aýratyn alada, lukmançylyk kömegine we durmuş goraglylygyna mätäç çagalary goldamak boýunça ulgamlaýyn işleri amala aşyrýar. Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etmek, bilimi goldamak, şeýle hem ynsanperwer kömegini bermek Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy ugurlarydyr. Saglyk mümkinçilikleri çäkli, ene-ata tarapyndan howandarlyga mätäç bolan we durmuşyň agyr ýagdaýlaryna düşen çagalara aýratyn üns berilýär. Gaznanyň işi milli we halkara derejeli ynsanperwer taslamalary öz içine alýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty döwrebap maglumat platformasy bolup, onda Gaznanyň wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary, amala aşyrylýan...