Gyssagly habar! Türkmen-türk adam söwdasy... Торговля туркменскими мигрантами набирает обороты...

Аватар автора
Тайные мистификации знаменитостей: решаем загадки знаменитостей
Eziz watandaşlar! Häzir ýurduň ykbaly çözülýär. Halky, bir tarapdan berdimuhammedowlaryň, kesekilere daýanýan, çüýrükler tiresi, beýleki tarapdan, öň ogurlyk edip, ýurtdan gaçyp çykan nomenklaturaçy oppozisiýa aldaýar. Bu agyr ýagdaýda öz geljegiňize biperwaý garamaň! Eger Demokratik oppozisiýany goldasaňyz, ýakyn wagtda Türkmenistanda kanuny hukuk döwleti gurlar. Diňe şonda halk gulçulykdan dynyp, hemmeler adam şekilli okap, işläp, ýaşap bilerler! Sowet döwründe türkmen talansa-da, bil bükmedi, epilmedi. Emma Saparmyrat Nyýazow bilen Gurbanguly Berdimuhammedow, kese ýerlilere daýanyp, türkmeniň bilini bükdüler, halky dilsiz-agyzsyz mala öwürdiler. Biz bu eden-etdilige ýene näçe wagt çydamaly?! Adamlar, birinjiden, gorkmaň! Ikinjiden, gorksaňyzam göreşiň! Sebäbi halk köpçüliginiň sessiz oturmagy, berdimuhammedowlara hem olaryň hyzmatkärlerine gylaw berýär. Türkmenistanda adalatsyz urdumşalygyň dowam etmegine giň ýol açýar! Çüýrükleriň eden-etdiligini duruzmaly wagt geldi! Türkmenistan TW-Radio #Türkmenistan #Welsapar #Erkinlik #Hak #Hukuk #Arkadag #Serdar

0/0


0/0

0/0

0/0