DZ - ED ( Adamzat )

Аватар автора
Звезды в плену
▶ AZIYA Muzik TURKMENISTAN Orta Asıya Dowlety Turkı Dunyasynın Ana Watanydyr Türkmenleri ýakyndan tanamaýan adamlar ýa-da türkmen durmuşyna näbeletler üçin AZIYA Muzik Türkmenlerde Aydım Saz Sungat Gadymdan Gelyan Mırasymızdıgnı Bıldırmek ısledık Türkmeniň sosial durmuşynyň, ýaşaýyş medeniýetiniň we halk edebiýatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän sallançak hakynda gadymdan galan şeýle setirler bar: “Allan-allan allançak, Akar suwlar bulançak, Altmyş başly ak öýüň Ýaraşygy sallançak…” Türkmenlere mahsus bolan “allan-allan”, “allan-allan etmek”, allaý - allaý”, allaý-allaý etmek” ” sözleri sallançaga bat berýän hüwdi bilen baglanyşyklydy Şonuň üçin oňa “hüwdülemek” hem diýilýär Hüwdi aslynda iň ilkinji milli şygrymyzdyr. Ony düzenem, hoşamaý owaz bilen bezänem Türkmen Enesidir Başgaça aýdylanda, türkmenlerde şygyr sungatynyň enelerden başlanýandygyna hüwdi şaýatlyk edýär. Ony diňlemedik türkmen ýok bolsa gerek. Sallançagyň özboluşly owazy bardyr. Bu owaz hakynda-da türkmen ussat sazandalary tarapyndan Has dogrusy, halk arasynda türkmenleriň meşhur sazandasy Mylly aganyň “Sallançak owazy” diyen sazy döredendigi aýdylýar. Elbetde, halk aýtsa, galp aýtmajakdygy bellidir. Hüwdi, ejelerimiziň, enelerimiziň, mamalarymyzyň nesilden-nesle galdyryp gelen milli mirasydyr. Köki gadymýete uzanýan bu miras hemişelik ýaşaýan mirasa öwrülipdir. Türkmen enesiniň öz perzendi üçin söýgüdir mähir bilen ýugrumyny ýetiren we tüýs ýüreginden, giň göwnünden saýlap...

0/0


0/0

0/0

0/0